«Demirgazyk söwda ýoly» hojalyk jemgyýeti daş kagyzyny öndürmek üçin bina boýunça №16-HJ tenderi yglan edýär. Geçirilýän möhleti — 2026-njy ýylyň 17-nji fewralyndan 20-nji martyna çenli.
Teklipler 2026-njy ýylyň 20-nji martyna, ýerli wagt bilen sagat 18:00-dan giç bolmadyk möhletde, iki bukjada kabul edilýär: «A» bukjasy — umumy we tehniki şertler, «B» bukjasy — maliýe teklibi. Arza resmi blankda direktoryň adyna berilýär, ygtyýarly adam tarapyndan gol çekilip, möhür basylýar.
Offşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da offşor zolaklarynda hasaby bolan kompaniýalaryň arzalary kabul edilmeýär. Habarlaşmak üçin telefon: +993 222-2-07-34.